- gorjamak
- işlik[go:rjamak]1) Dörjelemek, ölçermek.∙ Ody gorjasaň-öçer, goňşyňy gozgasaň-göçer. (Nakyl)2) Bir zadyň içini arassalamak üçin dyrmalamak.∙ Ol şybygynyň içini gorjady-da, ýene onuň ajy tüssesini içine sordy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)3) Bolup geçen zady ýaňadan gozgamak, agzamak.∙ Öten ýylky meseläni gorjaýarlar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.